«Pew Research Center» ylmy-barlag merkeziniň çaklamalaryna görä, 2035-nji ýyla çenli dünýäde musulmanlaryň sany hristianlaryň sanyndan ýokary bolup biler. Bu barada «NUR.KZ» neşiri habar berýär.

Barlagçylaryň çaklamasynda bu ýagdaýyň esasy sebäpleriniň biri hökmünde musulman ilatynyň arasynda çaga dogluş derejesiniň has ýokary bolmagy görkezilýär.

Merkeziň maglumatlaryna görä, 2020–2025-nji ýyllarda musulman zenanlaryň her birine ortaça 3,1 çaga, hristian zenanlara bolsa 2,5 çaga düşüpdir. Beýleki dini toparlarda bu görkeziji 1,6 çaga deň bolupdyr. Bu bolsa ilatyň nesilleriň çalyşmagy arkaly sanyny durnukly saklamagy üçin zerur hasaplanýan 2,1 görkezijiden pesdir.

Çaklamada 2035-nji ýylda dünýäde musulmanlaryň sanynyň 2,57 milliard, hristianlaryň sanynyň bolsa 2,52 milliard adama ýetjekdigi bellenilýär. 2070-nji ýyla çenli bu iki dini toparyň arasyndaky tapawudyň 600 million adama çenli ýokarlanyp biljekdigi çaklanylýar.