Ermenistanyň täze Konstitusiýasynyň deslapky taslamasy geljek hepdede köpçülige hödürlener. Bu barada ýurduň Premýer-ministri Nikol Paşinýan Hökümetiň mejlisinde habar berdi. Bu barada «INTERFAX.RU» neşiri ýazýar.

Paşinýanyň bellemegine görä, täze Konstitusiýany kabul etmek hökümet maksatnamasynda möhüm orun eýeleýär. Häzirki wagtda resminamanyň taslamasy boýunça kesgitli ara alyp maslahatlaşmalaryň netijesinde taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

Ermenistanyň Premýer-ministri täze Konstitusiýa boýunça geçiriljek referendumyň netijelerine baglylykda öz syýasy geljegi barada hem beýanat berdi. Ol halk sala salşykda täze Konstitusiýany goldamasa, wezipesinden çekiljekdigini aýtdy. Eger taslama halk tarapyndan makullansa, onda geljekki saýlawlarda hökümet başlyklygyna dalaş etjekdigini belledi. Bu barada TASS habar berýär.