Türkmenistanyň alymlarynyň Beýik Ýüpek ýolunyň Amul–Merw geçelgesiniň taryhy-medeni mirasyna bagyşlanan ylmy işi Hytaýda geçirilen halkara maslahatda ýokary baha mynasyp boldy. Gözleg «Outstanding Paper Award» baýragy bilen sylaglanyldy.
«Silk Road Monuments of the Amul–Merv Corridor: Digital Documentation and Heritage Analysis» atly ylmy iş Atdaýel Astanow, Arman Astanowa we Sewginur Astanowa tarapyndan taýýarlanyldy.
Halkara CHCD2026 simpoziumy 9–12-nji sentýabrda Pekindäki Tsinghua uniwersitetinde geçirildi. Çäre dünýäniň 20-den gowrak ýurdundan we sebitinden alymlary hem-de dürli ugurlaryň hünärmenlerini bir ýere jemledi.
11-nji sentýabrda Atdaýel Astanow simpoziumyň «Young Scholars Session 1» bölüminde çykyş edip, Amul–Merw geçelgesiniň Beýik Ýüpek ýoluna degişli ýadygärliklerini sanly resminamalaşdyrmak we öwrenmek boýunça geçirilen gözlegiň netijelerini tanyşdyrdy.
Atdaýel Astanow «Demirgazyk ýyldyzy» hususy kärhanasynyň direktor orunbasary we baş ylmy işgäri bolup, ol ýerde Experimental Archaeometry and Heritage Materials taslamasyna ýolbaşçylyk edýär. Ol 2018-nji ýyldan bäri Amulyň üsti bilen geçýän Merw söwda ýolunyň arheologiýasyny, şeýle hem Lebap sebitiniň taryhy-arheologik mirasyny öwrenýär.
Arman Astanowa Şanhaýdaky East China University of Science and Technology ýokary okuw mekdebinde «Emeli aň we inženerçilik» ugry boýunça bilim alýar. Sewginur Astanowa bolsa Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda mugallymçylyk edýär.
Gözlegiň esasy ugurlarynyň biri Amul–Merw geçelgesine degişli taryhy ýadygärlikleri sanly görnüşde hasaba almak we olaryň üç ölçegli (3D) modellerini döretmekden ybarat. Bu taryhy-medeni toplum 2024-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi.
«Demirgazyk ýyldyzy» hususy kärhanasynyň goldawy we ylmy-senagat grantynyň çäklerinde ýadygärlikleriň 3D modellerini döretmek, olary öwrenmek we geljekde sanly görnüşde peýdalanmak boýunça işler alnyp baryldy.
Pekinde gazanylan «Outstanding Paper Award» baýragy Türkmenistanyň taryhy-medeni mirasyny öwrenmäge gönükdirilen ylmy gözlegleriň halkara derejesinde ykrar edilýändigini görkezýär. Şeýle hem sanly resminamalaşdyrma we 3D modelleşdirme ýaly häzirki zaman tehnologiýalarynyň Amul–Merw geçelgesiniň ýadygärliklerini öwrenmekde we gorap saklamakda möhüm mümkinçilikleri döredýändigini subut edýär.








Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.