
Dünýä we Ýewropa futbolynyň iň görnükli ýyldyzlarynyň biri, iki gezek Ýewropa çempiony we Dünýä kubogynyň eýesi Andres Iniesta resmi taýdan tälimçilik wezipesine bellenildi. Ispaniýaly meşhur ýarym goragçy Birleşen Arap Emirlikleriň (BAE) ikinji diwizionynda çykyş edýän “Gulf United” klubynyň baş tälimçisi boldy. Bu barada klubyň metbugat gullugy habar berdi.
Häzirki wagtda täze tälimçi bilen baglaşylan şertnamanyň möhleti we beýleki şertleri baradaky jikme-jik maglumatlar aýan edilmedi.
Hünärmenlik ýoluna gadam basan 42 ýaşly Iniesta futbol dünýäsinde uly abraýa eýedir. Ol Ispaniýanyň “Barcelona” klubynyň akademiýasynyň ýetişdiren iň şowly oýunçylarynyň biri bolup, bu meşhur toparda 2002-nji ýyldan 2018-nji ýyla çenli ýokary derejede çykyş etdi. “Barcelona” bilen bilelikde Iniesta Ispaniýanyň çempionatynyň dokuz gezek ýeňijisi, ýurduň kubogynyň alty gezek eýesi we UEFA Çempionlar ligasynyň üç gezek çempiony bolmagy başardy. Ol katalon klubyndan gaýdandan soň, Ýaponiýanyň “Vissel Kobe” hem-de BAE-niň “Emirates” toparlarynyň düzüminde hem meýdança çykdy.
Häzirki wagtda BAE-niň ikinji ligasynda bäsleşýän “Gulf United” kluby Iniestanyň baştutanlygynda täze üstünlikleri gazanmagy we ýokary diwiziona göterilmegi maksat edinýär. Futbol janköýerleri meşhur ýyldyzyň ýaşyl meýdançadaky tejribesiniň indi tälimçilik ugrunda nähili netije berjekdigine uly gyzyklanma bilen garaşýarlar.
Keywords