
Tomus paslynyň yssy howa şertlerinde ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek has-da möhüm ähmiýete eýedir. Şu gün «Altyn Asyr» milli öýjükli aragatnaşyk operatory tarapyndan ýurdumyzyň ýaşaýjylaryna ýangyn howpsuzlygy düzgünlerini berjaý etmäge çagyrýan SMS habarlary iberildi.
Hususan-da, SMS habarynda şeýle diýilýär:
«Hormatly raýatlar! Tomus paslynyň dowam edýän günlerinde elektrik we gaz enjamlary ulanylanda ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini dogry berjaý etmelidigiňizi, öýleriňizden we iş ýerleriňizden gitmezden öň, olary öçürmelidigiňizi ýatladýarys! TIIM-niň ÝHG».
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Ýangyn howpsuzlygy gullugy (TIIM-niň ÝHG) tarapyndan taýýarlanan bu habarda raýatlar tomus paslynyň dowam edýän günlerinde has seresaply bolmaga çagyrylýar. Gulluk, ilkinji nobatda, elektrik we gaz enjamlaryny ulanmakda howpsuzlyk kadalarynyň berk berjaý edilmelidigini ýatladýar.
Mälim edilişi ýaly, öýden ýa-da iş ýerinden çykylanda, ulanylýan elektrik we gaz enjamlaryny hökmany suratda öçürmek ýangynyň öňüni almakda iň esasy çäreleriň biridir.
Ýangyn howpsuzlygy gullugynyň hünärmenleri ýaşaýjylary özleriniň we ýakynlarynyň howpsuzlygy üçin bu düzgünlere jogapkärçilikli çemeleşmäge çagyrýarlar. Unutmaň, howpsuzlyk düzgünlerine eýermek — betbagtçylyklaryň öňüni almaga kömek edýär.
Keywords