Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli Türkiýäniň paýtagty Ankara şäherinde ýokary derejeli halkara duşuşyk geçiriler. 2026-njy ýylyň 22-nji sentýabrynda Prezident toplumynyň Milli kitaphanasynda «Türkmenistanyň we Türkiýäniň Garaşsyzlygyň 35 ýyllygynda strategik hyzmatdaşlygy» atly maslahat geçiriler.

Tekha.com saýtynyň habar bermegine görä, çärä Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasy, Ýewraziýanyň ykdysady, medeni we jemgyýetçilik barlaglary gaznasy (EkoAvrasya) hem-de Türk dünýäsiniň raýat jemgyýeti hyzmatdaşlygy birleşigi (TÜRKSİT) guramaçylyk eder.

Duşuşykda Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasynda alnyp barylýan köpugurly gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyna baha berler. Şeýle-de söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ylym we bilim ugurlaryndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylar.

Maslahatyň iki ýurduň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemäge we özara gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga ýardam bermegine garaşylýar.