2026-njy ýylyň dekabr aýynda Türkmenistanda ýaş estrada we höwesjeň aýdymçylaryň arasynda geçirilýän «Ýylyň parlak ýyldyzy» döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyryny geçirmek we ýeňijilerini sylaglamak meýilleşdirilýär. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B. Seýidowa Hökümetiň sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde hasabat berdi.

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Türkmenistanda ýaş estrada we höwesjeň aýdymçylaryň arasynda geçirilýän «Ýylyň parlak ýyldyzy» döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyryny geçirmek we ýeňijilerini sylaglamak meýilleşdirilýär. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B. Seýidowa Hökümetiň sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde hasabat berdi.

Hasabatda geljek aýda geçiriljek esasy çäreleriň we medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyş dabaralarynyň tertibi barada maglumat berildi. Bellenilişi ýaly, dekabr aýynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň hem-de Halkara Bitaraplyk gününiň çäklerinde dürli medeni we jemgyýetçilik çäreleri guralar.

Meýilnama laýyklykda, ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny ýüze çykarmaga gönükdirilen «Merdana nesil» we «Ýylyň parlak ýyldyzy» ýaly bäsleşikleriň jemleri jemlener. Olaryň ýeňijilerini sylaglamak dabaralary hem geçiriler. Şeýle çäreler ýaş zehinleri goldamak, olaryň sungata bolan gyzyklanmasyny artdyrmak we milli medeniýetiň ösüşine goşant goşmak üçin möhüm mümkinçilik bolup durýar.

Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Aşgabatdaky Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasy, aýdym-sazly baýramçylyk çäreleri we konsertler hem meýilleşdirilýär. Baýramçylyk çykyşlary Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde, şeýle hem welaýatlarda ýerleşýän «Türkmeniň ak öýi» binalarynda geçiriler.

Mundan başga-da, 31-nji dekabrda «Älem» medeni-dynç alyş merkezinde, Arkadag şäherinde we welaýat merkezlerindäki «Türkmeniň ak öýi» binalarynyň öňünde Täze ýyl teleköprüsi guralar. Dekabr aýynda birnäçe täze desganyň ulanmaga berilmegi we olaryň açylyş dabaralarynyň medeni çäreler bilen utgaşdyrylmagy hem göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, meýilleşdirilen çärelere hem-de täze binalaryň açylyş dabaralaryna ýokary derejede taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

«Ýylyň parlak ýyldyzy» bäsleşigi 2009-njy ýyldan bäri geçirilip gelýär. Ol 17–35 ýaş aralygyndaky ýaş estrada we höwesjeň aýdymçylaryň arasynda guralýan döredijilik bäsleşigi bolup, zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga we olaryň aýdym-saz sungatyndaky başarnyklaryny ösdürmäge gönükdirilendir.