Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 31 ýyllygy we Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli paýtagty baýramçylyga taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B. Annamamedow Hökümetiň 27-nji noýabrda geçirilen mejlisinde hasabat berdi.
Taýýarlyk işleriniň çäklerinde paýtagtyň durmuş-medeni maksatly binalarynda we desgalarynda, ýaşaýyş jaýlarynda abatlaýyş hem-de abadanlaşdyryş işleri geçirilýär. Şeýle hem seýilgählerde we jemgyýetçilik ýerlerinde bag nahallary oturdylýar, dürli görnüşli bezeg gülleri ekilýär.
Mundan başga-da, Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda Aşgabadyň şaýollaryny we köçelerini baýramçylyk öwüşgini bilen bezemek işleri dowam etdirilýär. Bu işler şäheriň daşky görnüşini has-da gözelleşdirmäge we baýramçylyk ýagdaýyny döretmäge gönükdirilendir.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurduň hemişelik Bitaraplygynyň 31 ýyllygy mynasybetli dürli dabaralaryň we çäreleriň geçirilýändigini belledi. Döwlet Baştutany paýtagty abadanlaşdyrmak we baýramçylyk bezeg işleriniň ýerine ýetirilişini gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy.
Halkara Bitaraplyk güni her ýyl 12-nji dekabrda bellenilýär. Şu ýyl bu sene Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 31 ýyllygy bilen utgaşýar.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.