2026-njy ýylyň 25-nji noýabrynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy, Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti (GIZ) hem-de Fransiýanyň tehniki hyzmatdaşlyk agentligi «Expertise France» deňiz ulagy we port işi ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek barada Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler.

Resminama 25-nji noýabrda geçirilen «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2026» (ITTC 2026) halkara maslahaty we sergisiniň, şeýle hem «Türkmentel — 2026» atly XIX halkara serginiň we ylmy maslahatyň çäklerinde baglaşyldy.

Ähtnama deňiz gatnawlarynyň howpsuzlygyny we netijeliligini ýokarlandyrmaga, port infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmaga, ulag-logistika amallaryna sanly çözgütleri ornaşdyrmaga gönükdirilendir. Şeýle hem resminamanyň çäklerinde pudak hünärmenleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak we halkara tejribäni alyşmak boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek göz öňünde tutulýar.

Bu hyzmatdaşlyk Ýewropa Bileleşiginiň, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň we Fransiýa Respublikasynyň bilelikde maliýeleşdirýän Hazarüsti ulag geçelgesiniň (TCTC) mümkinçiliklerini ösdürmek maksatnamasynyň, şeýle hem Ýewropa Bileleşiginiň «Global Gateway» başlangyjynyň çäklerinde amala aşyrylýar.

Taraplaryň bellemegine görä, Ähtnamanyň durmuşa geçirilmegi Hazarüsti ulag geçelgesiniň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, halkara multimodal ýük daşamalarynyň gerimini giňeltmäge we sebit ýurtlarynyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam eder.

Hazar deňziniň üsti bilen Ýewropa bilen Merkezi Aziýany birleşdirýän ulag ugurlarynyň ähmiýetiniň artýan döwründe bu resminama port hyzmatlaryny kämilleşdirmek, ýük daşamalarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak we halkara logistika ulgamyna has işjeň goşulyşmak babatda möhüm ädim bolup durýar.