«Huawei» kompaniýasy eplenýän smartfonlaryň täze nesline degişli «Mate X8» kysymly enjamyny resmi taýdan tanyşdyrdy. Täze model ýokary tehniki görkezijileri, kämilleşdirilen eplenme mehanizmi we kuwwatly kamera ulgamy bilen tapawutlanýar. Enjam «iPhone Duo» hem-de «Samsung Galaxy Z Fold 8 Ultra» kysymly smartfonlara esasy bäsdeşleriň biri hökmünde görkezilýär.
Täze smartfon adaty görnüşde we ýat sygymy has giňeldilen «Collector’s Edition» görnüşinde hödürlenýär. Enjam doly açylan ýagdaýynda onuň galyňlygy bary-ýogy 4,2 millimetre deňdir. Uzak wagtlap zarýadsyz işlemegini bolsa 6200 mA·sag sygymly akkumulýator üpjün edýär.
Ekran we eplenme mehanizmi
«Huawei Mate X8» modeliniň içki ekranynyň diagonaly 8,2 dýuýma, ölçeg aýdyňlygy 2424 × 2340 piksele deň bolup, ol 120 Gs täzeleniş ýygylygyny goldaýar. Ekranyň iň ýokary ýagtylygy 8000 nit derejesine ýetýär. Şeýle hem ýagtylygyň serpikmegini azaltmak üçin dokuz gatlakly ýörite örtük ulanylypdyr. Onuň ýagtylygy serpikdiriş derejesi 0,9 göterime deňdir.
Daşky ekran 6,54 dýuým ölçegli iki gatlakly OLED tehnologiýasy esasynda taýýarlanypdyr. Onuň ölçeg aýdyňlygy 2444 × 1132 piksel, täzeleniş ýygylygy 120 Gs, iň ýokary ýagtylyk derejesi bolsa 12 000 nit diýlip görkezilýär.
Enjamyň eplenme mehanizmi hem täzeden işlenipdir. Inženerler 0,1 millimetr galyňlykdaky goşmaça gatlagy we howa-kosmos senagatynyň talaplaryna laýyk gelýän köp gatlakly polady ulanyp, magnitli deňleşdiriş ulgamyny ornaşdyrypdyrlar. Netijede, smartfonyň egilmäge garşy berkligi 140 göterim ýokarlanypdyr, ekranyň tekizligi bolsa 90 göterim gowulanypdyr. Ekranyň eplenýän bölegindäki beýiklik tapawudy 15 mikrometrden geçmeýär.
Öndürijiligi we gorag aýratynlyklary
Smartfonyň ähli görnüşlerinde «Kirin 9050 Pro Logic Folding Tau» prosessory ulanylýar. Öňki «Mate X7» modeli bilen deňeşdirilende, täze enjamyň umumy öndürijiligi 31 göterim, tranzistorlarynyň sany 30 göterim, köp ýadroly hasaplaýyş kuwwaty bolsa 23 göterim ýokarlandyrylypdyr.
«Maleoon» grafiki ulgamynyň şekilleri gaýtadan işlemek tizligi 40 göterim ýokarlanypdyr. «Da Vinci» neýron modulynyň netijeliligi bolsa 140 göterim artdyrylypdyr.
Enjam tozandan we suwdan gorag boýunça IP58 hem-de IP59 standartlaryna laýyk gelýär. Esasy görnüşinde üçünji nesil «Kunlun Glass» gorag aýnasy ulanylýar. «Collector’s Edition» görnüşi bolsa has berk ikinji nesil «Xuanwu Kunlun Glass» aýnasy bilen üpjün edilendir.
Kamera we aragatnaşyk mümkinçilikleri
«Huawei Mate X8» smartfonynyň esasy kamera ulgamy üç moduldan ybarat. Esasy kamera 50 megapiksellik RYYB matrisa bilen üpjün edilip, onuň datçiginiň ölçegi 1/1,28 dýuýma deňdir. Şeýle hem 18 basgançakly dinamiki diapazony üpjün edýän LOFIC tehnologiýasy ulanylýar.
Mundan başga-da, enjamda 40 megapiksellik giň burçly kamera we 50 megapiksellik periskop görnüşli telekamera ýerleşdirilipdir. Soňky kameranyň ýagtylyk geçirijilik görkezijisi F/2,2-dir.
Smartfonyň öýjükli aragatnaşyk we Wi-Fi antennalarynyň gurluşy hem kämilleşdirilipdir. Olaryň birleşdirilmegi antennalaryň meýdanyny üç esse giňeltmäge we signaly kabul ediş derejesini 2 dB ýokarlandyrmaga mümkinçilik beripdir.
Bahalary we satuwa çykarylyşy
Täze smartfon bäş dürli reňkde hödürlenýär. Ýat sygymyna baglylykda onuň bahalary aşakdaky ýaly kesgitlenildi:
12 GB operatiw we 256 GB içerki ýatly görnüşi — 1950 ABŞ dollary;
12 GB operatiw we 512 GB içerki ýatly görnüşi — 2100 ABŞ dollary;
16 GB operatiw we 512 GB içerki ýatly «Collector’s Edition» — 2400 ABŞ dollary;
16 GB operatiw we 1 TB içerki ýatly «Collector’s Edition» — 2550 ABŞ dollary;
16 GB operatiw we 2 TB içerki ýatly «Collector’s Edition» — 3150 ABŞ dollary.
Ilkinji dört görnüş üçin öňünden sargyt kabul etmek 24-nji noýabrda başlanýar. Olaryň bölek satuwynyň 4-nji dekabrda ýola goýulmagy meýilleşdirilýär. Iň ýokary ýat sygymly, ýagny 2 TB bolan görnüşi bolsa 20-nji dekabrda satuwa çykarylar.
Hytaýdaky alyjylara smartfony bir ýylyň dowamynda göterimsiz bölekleýin töleg arkaly satyn almak mümkinçiligi hem hödürlenýär. Mundan başga-da, «Trade-in» maksatnamasynyň çäklerinde köne enjamy täzesine çalyşmak üçin 800 ýuana çenli, takmynan 120 ABŞ dollary möçberinde ýeňillik göz öňünde tutulýar.
Häzirki wagtda «Huawei Mate X8» smartfonynyň halkara bazaryna haçan çykaryljakdygy barada resmi maglumat berilmedi.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.