
Malaýziýanyň «Petronas» kompaniýasy Türkmenistandaky iri gaz känlerinde gözleg we buraw işlerine şu ýylyň dekabr aýynda girişmäge taýýarlanýar. Bu barada Malaýziýanyň Premýer-ministri Datuk Seri Anwar Ibragim parlamentdäki çykyşynda mälim etdi.
Premýer-ministriň belleýşi ýaly, bu taslama energiýa pudagynda iň çalt taýýarlanan we durmuşa geçirilýän işleriň biri hasaplanýar. Adatça, şertnama gol çekilenden soň buraw işlerine başlamak üçin bir ýarym ýyldan iki ýyla çenli wagt gerek bolýardy, ýöne «Petronas» bu möhleti ep-esli gysgaltmagy başardy.
Anwar Ibragim Türkmenistandaky gaz känleriniň özleşdirilmegini Malaýziýa üçin örän ähmiýetli waka diýip häsiýetlendirdi. Onuň sözlerine görä, bu ädim Malaýziýany dünýäde tebigy gaz gorlaryny saklaýjy öňdebaryjy ýurtlaryň hataryna goşar we ýurduň energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek strategiýasynyň esasy bölegi bolar.
Malaýziýanyň hökümeti häzirki wagtda energiýa çeşmelerini diwersifikasiýalaşdyrmak, nebit önümleriniň üpjünçiligini durnukly saklamak hem-de bahalary gözegçilikde tutmak boýunça yzygiderli çäreleri görýär. Premýer-ministr ýurtda energiýa üpjünçiliginiň häzirki wagtda ýeterlik derejededigini we hökümetiň senagat pudagyna, şol sanda kiçi we orta telekeçilige goldaw bermäge gönükdirilen uzak möhletleýin strategiýasynyň dowam etdiriljekdigini nygtady.
Keywords