
Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahim ýurduň berk halkara gatnaşyklarynyň we syýasy durnuklylygynyň, dünýä derejesindäki energetika kynçylyklaryna garamazdan, nebit we gaz üpjünçiliginde durnuklylygy saklamaga mümkinçilik berendigini belledi.
Premýer-ministr şenbe güni, 13-nji iýunda, Sabah ştatyndaky awtomobil ýolunyň düýbüni tutmak dabarasynda eden çykyşynda Malaýziýanyň diplomatik syýasatynyň netijeliligi barada durup geçdi. Ol Malaýziýanyň oýlanyşykly çemeleşmesiniň netijesinde Türkmenistan we Russiýa ýaly döwletleriň ony ýakyn hem-de ygtybarly hyzmatdaş hökmünde kabul edýändigini nygtady.
Anwar Ibrahim ýakynda Türkmenistana amala aşyran resmi saparyny ýatlap, Türkmenistanyň ýolbaşçylarynyň «Petronas» kompaniýasy arkaly dünýäniň iň iri gaz ýataklarynyň birini özleşdirmekde Malaýziýa bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardygyny aýtdy.
Mälim bolşy ýaly, 12-nji iýunda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow hökümet mejlisinde Malaýziýanyň Premýer-ministriniň Aşgabada amala aşyrjak saparyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Prezident Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde, Aziýa döwletleri bilen özara bähbitli gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça işler yzygiderli dowam etdirilýär.
Keywords