Türkmenistanyň çempiony «Arkadag» futbol kluby 2026/27-nji ýyllaryň möwsümindäki AFK-2 Çempionlar ligasynyň deslapky saýlama tapgyrynda Hindistanyň «Goa» topary bilen synanyşar. Iki toparyň arasyndaky duşuşyk şu ýylyň 12-nji awgustynda Hindistanyň Goa şäherindäki «Jawaharlal Nehru» stadionynda geçiriler.
Saýlama tapgyrynyň düzgünine laýyklykda, bu basleşik diňe bir oýundan ybarat bolar. Ýeňiş gazanan topar AFK-2 Çempionlar ligasynyň toparlaýyn tapgyryna göni petek alsa, utulan topar yklymyň ähmiýeti boýunça üçünji derejeli klub bäsleşigi bolan AFK-nyň Çagyryş ligasynyň (AFC Challenge League) toparlaýyn tapgyrynda bäsleşigini dowam etdirer.
Garşydaş barada maglumat:
- Topar: «Goa» futbol kluby (Hindistan);
- Kwalifikasiýa hukuklary: Hindistanyň bu topary 2025/26-njy ýyllaryň möwsüminde Ählihindistan Futbol Federasiýasynyň (AIFF) Superkubogynda ýeňiji bolup, halkara ýaryşa gatnaşmak hukugyny gazandy;
- Ýaryşyň derejesi: AFK-2 Çempionlar ligasy Aziýanyň Futbol Konfederasiýasy tarapyndan guralýan, yklymdaky ikinji iň möhüm klublaýyn futbol ýaryşydyr.
«Arkadag» futbol klubyna öňde duran jogapkärli halkara duşuşygynda üstünlikler arzuw edýäris.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.