
Türkmenistanyň Ýokary ligasynyň 4-nji tapgyrynyň çäklerinde Türkmenistanyň häzirki çempiony «Arkadag» futbol topary öz meýdanynda Türkmenbaşy şäheriniň «Şagadam» toparyny kabul etdi. Ýiti çekeleşikli geçen duşuşyk janköýerlere golara baý we gyzykly oýun sowgat etdi.
Wladimir Baýramowyň ýolbaşçylygyndaky «Arkadag» topary oýnuň başyndan uly artykmaçlyga eýe boldy. Eýýäm duşuşygyň 4-nji minutynda tejribeli hüjümçi Didar Durdyýew özüniň ussatlygyny görkezip, hasaby açmagy başardy. Oýnuň 38-nji minutynda Durdyýew ýene-de bir gezek tapawutlanyp, hasaby 2:0-a ýetirdi we öz adyna dubl ýazdyrdy.
Myhmanlar birinji ýarymyň ahyrynda oýun tertibini üýtgetmegi başardylar. «Şagadamyň» futbolçysy Serdar Gulyýew 45-nji minutda bellenen 11 metrlik jerime urgusyny (penalti) dürs ýerine ýetirip, aratapawudy azaltdy. Ikinji ýarymyň 61-nji minutynda bolsa, ýene-de bir 11 metrlik jerime urgusyndan peýdalanan Gulyýew hasaby deňlemegi başardy (2:2).
Duşuşygyň ykbaly 75-nji minutda çözüldi. «Arkadag» toparynyň oýunçysy Şamämmet Hydyrow ýerlikli pursatdan peýdalanyp, garşydaşyň derwezesine ýeňiş goluny girizdi. Oýun 3:2 hasabynda ýerli toparyň peýdasyna tamamlandy.
Bu möhüm ýeňişden soň «Arkadag» futbol topary geçiren dört duşuşygynda 100 göterimlik netije — 12 utuk toplap, ýaryş tertibiniň iň ýokary basgançagyna geçdi. Topar özüniň çempionlyk ugrundaky ynamly ýörişini dowam etdirýär.
Keywords