Türkmenistan millî teleradioýaýlym infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak we ýokary hilli tehnologiýalary ornaşdyrmak ugry boýunça nobatdaky çäreleri amala aşyrýar. Türkmenistanyň Telewideniýe, radioýaýlymlar we kinematografiýa boýunça döwlet komiteti «Arkadag» teleýaýlymy üçin döwrebap enjamlary satyn almak we gurnamak boýunça halkara tenderini yglan etdi.
Tendere telewideniýe enjamlaryny üpjün etmekde we gurnamakda degişli tejribesi hem-de mümkinçilikleri bolan halkara we ýerli kompaniýalargatnaşmaga çagyrylýar.
Bäsleşige gatnaşmak üçin dalaşgärler özleriniň doly adyny, hukuk derejesini, hasaba alnan ýurduny we bank maglumatlaryny görkezýän ýazmaça arza tabşyrmalydyrlar. Şeýle hem gatnaşyjylar tender düzgünnamasy bilen tanyşmalydyrlar, tehniki talaplary almalydyrlar we enjamlaryň hilini hem-de öndürijisini tassyklaýan degişli resminamalar toplumy bilen bilelikde täjirçilik teklibini taýýarlamalydyrlar. Arzalar bellenilen serişdeler bank hasabyna geçirileninden soňra gözden geçiriler.
«Neýtral Turkmenistan» gazetinde habar berlişi ýaly, tender teklipleri 2026-njy ýylyň 29-njy awgustyna çenli ýerli wagt bilen sagat 18:00-a çenli Aşgabat şäherindäki Türkmenistanyň Telewideniýe we Radioýaýlymlar Merkezinde kabul edilýär.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.