2026-njy ýylyň 26-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Malaýziýanyň Tehniki Hyzmatdaşlyk Maksatnamasynyň (MTCP) çäklerinde okuw maksatnamalaryna gatnaşan türkmen wekilleri bilen duşuşyk geçirildi. Çärä Malaýziýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy guramaçylyk etdi.

Duşuşyga institutyň ýolbaşçylary, professor-mugallymlary we MTCP maksatnamasynyň uçurymlary gatnaşdylar. Söhbetdeşligiň dowamynda Malaýziýada geçirilen okuwlaryň netijeleri, hünär tejribesini baýlaşdyrmagyň mümkinçilikleri, şeýle hem iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklary we bilim edaralarynyň hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Malaýziýanyň Tehniki Hyzmatdaşlyk Maksatnamasy 1980-nji ýylda döredilen halkara başlangyç bolup, ösüp barýan ýurtlarda hünärmenleriň taýýarlygyny ýokarlandyrmagy, tejribe alyşmagy we adam maýasyny ösdürmegi maksat edinýär. Maksatnamanyň çäklerinde döwlet dolandyryşy, ykdysadyýet, bank işi, maglumat tehnologiýalary, oba hojalygy, diplomatiýa we gümrük gözegçiligi ýaly ugurlar boýunça okuwlar geçirilýär.

Türkmenistan bu maksatnamanyň çäklerinde hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýän ýurtlaryň biridir. Ýurdumyzda dürli döwlet edaralarynyň, şol sanda Daşary işler ministrliginiň we Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri Malaýziýada gysga möhletli hünär okuwlaryna gatnaşyp, öz bilimlerini we amaly başarnyklaryny kämilleşdirýärler.

Şunuň bilen baglylykda, MTCP diňe bir hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda tejribe alyşmak we özara gatnaşyklary giňeltmek üçin hem möhüm meýdança bolup hyzmat edýär. Şeýle duşuşyklar okuw maksatnamalarynyň netijelerini seljermäge, gazanylan tejribäni paýlaşmaga we geljekki hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemäge mümkinçilik berýär.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek we hünär kämilleşigine şert döretmek boýunça döredilýän mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hoşallyk bildirdiler.