Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň futbol boýunça Olimpiýa ätiýaçlygynyň ýöriteleşdirilen çagalar-ýetginjekler sport mekdebi 2019-njy ýylda doglan ýaş futbolçylaryň saýlap alynşygynyň geçirjekdigini yglan etdi. Bu barada «Neýtralnyý Turkmenistan» gazeti habar berýär.
Saýlap alyşlyk diňe Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylarynyň arasynda 6-njy sentýabrda «Aşgabat» stadionynda sagat 08:00-dan 11:00-a çenli geçiriler. Saýlap alyşlyga gelýänleriň ýanynda sport geýimleri, dogluş hakyndaky şahadatnamasynyň göçürme nusgasy we 3х4 ölçegdäki bir sany fotosuraty bolmalydyr. Goşmaça maglumatlary +993 65 04-92-48 telefon belgisi arkaly alyp bolýar.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.