2026-njy ýylyň 19-njy noýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny hem-de geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Dünýägözel Gulmanowa iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň tagallalary netijesinde türkmen-rus gatnaşyklarynyň täze derejä çykýandygyny, deňhukuklylyk, özara ynanyşmak, hormat goýmak we bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlygyň parlamentara ugurda hem işjeň ösdürilýändigini belledi.

Taraplar Türkmenistanyň Mejlisi bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň degişli ylalaşygyň esasynda ösdürilýändigini kanagatlanma bilen nygtadylar.

Şeýle-de Türkmenistanyň 2026-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilýän GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň güýzki maslahatynyň ähmiýeti bellenildi. Taraplar bu forumyň Arkalaşyga agza ýurtlaryň arasynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirdiler.

Duşuşykda halkara hukugyň ornuny ýokarlandyrmak, milli hukuk ulgamlaryny ýakynlaşdyrmak we özara hukuk kömeginiň mehanizmlerini kämilleşdirmek meselelerine hem üns berildi. Bu ugurda parlamentleriň milli kanunçylygy kämilleşdirmek, nusgalyk kanunlary we döwletara ylalaşyklary sazlaşdyrmak boýunça alyp barýan işleriniň ähmiýeti nygtaldy.

Mundan başga-da, iki ýurduň parlamentlerinde döredilen dostluk toparlarynyň işini kämilleşdirmek, zenan we ýaş parlamentarileriň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmek, kanun çykaryjylyk hem-de parlament işi boýunça tejribe alyşmak meseleleri barada pikir alşyldy.