2026-njy ýylyň 19-njy noýabrynda Türkmenistana iş sapary bilen gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Başlygy Sahiba Gafarowa bilen Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada «Trend.az» agentligi habar berýär.
Duşuşykda Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar iki ýurduň umumy taryhy, medeniýeti, dini gymmatlyklary we dost-doganlyk däpleri bilen berkidilen hyzmatdaşlygynyň ähmiýetini bellediler.
Şeýle-de halkara forumlaryň we dürli çäreleriň çäklerinde geçirilýän duşuşyklaryň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejesini görkezýändigi nygtaldy.
Dünýägözel Gulmanowa bilen Sahiba Gafarowa parlamentara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek meselelerine aýratyn üns berdiler. Şunuň bilen baglylykda, parlamentara dostluk toparlarynyň işini işjeňleşdirmek, dürli görnüşdäki gatnaşyklary giňeltmek we halkara guramalarynyň çäklerinde tagallalary utgaşdyrmak boýunça pikir alşyldy.
Sahiba Gafarowa GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çäresiniň ýokary derejede guralandygy üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirip, gutlaglaryny beýan etdi.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar parlamentara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge we Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.