Türkmenistanyň Döwlet sirki paýtagtyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny güýz möwsümine bagyşlanan gyzykly sirk çykyşlaryna çagyrýar.
12-nji we 13-nji sentýabrda sagat 18:00-da geçiriljek çykyşlarda sirk meýdançasynyň ussatlarynyň gatnaşmagynda tomaşaçylara baý we täsirli maksatnama hödürlener.
Sirk sungatyny halaýanlar üçin niýetlenen çykyşlarda dürli görnüşli sahna çykyşlaryna we ussatlaryň ýerine ýetirijilik başarnyklaryna tomaşa etmek mümkin bolar.
Çykyşlara petekleri Döwlet sirkiniň kassalaryndan ýa-da edaranyň resmi internet saýty arkaly onlaýn görnüşde satyn alyp bolýar.
Goşmaça maglumat üçin 36-10-95, 36-10-34, 39-80-44 we 39-80-45 telefon belgilerine ýüz tutup bolýar.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.