Aşgabat şäherinde düýpli abatlaýyş we döwrebaplaşdyryş işleri tamamlanandan soň, Türkmenbaşy adyndaky Olimpiýa suw-sport toplumy gaýtadan ulanyşa berildi. Toplumyň desgalary Halkara suw sport görnüşleri federasiýasynyň (World Aquatics) ýokary standartlaryna doly laýyk gelýär.

Ýapyk howuz binasy bir wagtyň özünde 1741 adamy kabul etmäge niýetlenip, bu ýerde ýüzmek, suwa bökmek, suw polosy we sinhron ýüzmek üçin ähli şertler döredildi. Toplumda uzynlygy 50 metr bolan uly ýüzüş howuzy, 5 metr çuňlukdaky suwa bökmek howuzy, sport we türgenleşik zallary, medisina otaglary hem-de suwasty wideo düşüriş ulgamlary ýerleşdirildi. Bu döwrebaplaşdyrylan sport desgasy Aşgabatda halkara derejeli ýaryşlary we iri sport çärelerini geçirmäge uly mümkinçilik döredýär.