Sentýabr aýynda Aşgabat şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) Ykdysady geňeşiniň 111-nji mejlisi geçiriler. Ýokary derejeli duşuşygyň çäklerinde halkara ýük daşamalarynda ulag howpsuzlygyny üpjün etmek we ýokary tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak bilen bagly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde bu halkara forumyna görülýän taýýarlyk işleri barada maglumat berildi.
Mejlisiň çäklerinde GDA döwletleriniň halkara ulag gatnawlaryny amala aşyrýan çäklerinde ulag howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça 2026–2030-njy ýyllar üçin Strategiýany durmuşa geçirmegiň meýilnamasyna aýratyn üns berler. Resminama duşuşygyň ýapyk görnüşde geçiriljek bölüminde jikme-jik ara alnyp maslahatlaşylar.
Meýilnamanyň esasy ugurlarynyň halkara logistika geçelgelerinde howpsuzlygy güýçlendirmek, ulag gatnawlarynyň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmak we GDA ýurtlarynyň arasynda bu ugurdaky hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly bolmagyna garaşylýar.
Duşuşygyň giňeldilen görnüşinde bolsa standartlaşdyrmak, metrologiýa we sertifikatlaşdyrmak boýunça Döwletara geňeşiniň alyp barýan işleri ara alnyp maslahatlaşylar. Şeýle hem GDA ýurtlarynyň ýokary tehnologiýaly senagat pudaklary üçin geljegi uly materiallary öndürmek boýunça hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň taslamasyna garalar.
Häzirki döwürde halkara ulag geçelgeleriniň howpsuzlygyny üpjün etmek we önümçilikde innowasion tehnologiýalary ulanmak sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Aşgabatda geçiriljek GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň mejlisi hem bu ugurlarda döwletleriň özara gatnaşyklaryny has-da ösdürmäge gönükdiriler.
Türkmenistan üçin halkara ulag geçelgeleriniň netijeliligini we howpsuzlygyny ýokarlandyrmak, şeýle hem döwrebap tehnologiýalara esaslanýan önümçilik gatnaşyklaryny giňeltmek ýurduň halkara ulag we logistika mümkinçiliklerini ösdürmek babatda möhüm ähmiýete eýedir.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.