Aşgabat şäherinde 2026-njy ýylyň 19–22-nji awgusty aralygynda «Kids Expo: Çagalar üçin hemme zat» atly halkara köpugurly sergi-ýarmarkasy geçiriler. Çagalar üçin niýetlenen önümler we hyzmatlar pudagyna bagyşlanýan bu çäre bazaryň ösüşine itergi berýän möhüm işewür meýdança bolar.

Sergi Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan «Turkmen Expo» kompaniýasynyň hyzmatdaşlygynda guralýar.

Çäräniň dowamynda ýerli we daşary ýurtly kompaniýalar çagalar üçin niýetlenen innowasion önümlerini, tehnologiýalaryny hem-de hyzmatlaryny giň köpçülige hödürlemäge mümkinçilik alarlar. Şeýle hem sergi halkara maýadarlar, işewür hyzmatdaşlar we pudak hünärmenleri üçin tejribe alyşmak hem-de täze hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin amatly şertleri döreder.

Guramaçylaryň bellemegine görä, halkara sergi-ýarmarkasy gatnaşyjylara täze müşderileri çekmäge, önümlerini tanyşdyrmaga we işewür gatnaşyklary giňeltmäge mümkinçilik berer.

Çärä 90-dan gowrak kompaniýanyň gatnaşmagyna we 1 500-den gowrak myhmanyň baryp görmegine garaşylýar. «Kids Expo: Çagalar üçin hemme zat» sergi-ýarmarkasynyň 2026-njy ýylyň iň iri we ähmiýetli pudaklaýyn çäreleriniň birine öwrülmegine garaşylýar.