2026-njy ýylyň 13-nji dekabrynda Aşgabat golf klubunda «Turkmen Energy» (TESC 2026) halkara ylmy-amaly maslahatynyň çäklerinde golf boýunça ýaryş geçiriler. Bu barada çäräniň guramaçylary habar berdiler.
«Ylym. Tehnologiýalar. Hyzmatdaşlyk» şygary bilen geçiriljek halkara maslahat energetika pudagynyň ösüşine, ylmy-tehnologik hyzmatdaşlyga we täzeçil çözgütleriň önümçilige ornaşdyrylmagyna bagyşlanar. Çärä döwlet edaralarynyň, öňdebaryjy energetika kompaniýalarynyň, halkara guramalaryň, ylmy-barlag institutlarynyň hem-de ýokary okuw mekdepleriniň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.
Maslahatyň maksatnamasynyň çäginde guraljak golf ýaryşy gatnaşyjylaryň arasynda resmi däl ýagdaýda pikir alyşmak we özara gatnaşyklary ösdürmek üçin goşmaça mümkinçilik döreder.
TESC 2026 maslahatynyň geçirilmegi Türkmenistanda energetika ylmyny ösdürmek, senagat infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak, sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak hem-de ekologiýa durnuklylygyny pugtalandyrmak ýaly ugurlara berilýän ünsüň möhüm görkezijisidir. Şeýle halkara çäreler pudagyň wekilleriniň tejribe alyşmagyna we täze hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmagyna şert döredýär.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.