2026-njy ýylyň 15–23-nji noýabry aralygynda Aşgabat şäherinde gandbol tälimçileri üçin halkara okuw maslahaty geçirildi. Halkara Olimpiýa Komitetiniň «Olimpiada raýdaşlygy» maksatnamasynyň we Halkara Gandbol Federasiýasynyň (IHF) bilelikde guramagynda geçirilen okuw maslahatynyň netijesinde türkmen tälimçisi Atamyrat Geldimämmedow halkara şahadatnamasyna eýe boldy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy we gandbol tälimçisi Atamyrat Geldimämmedowa Halkara Gandbol Federasiýasynyň tälimçilik bilim ulgamynyň «IHF C-Licence» şahadatnamasy gowşuryldy.

Ikinji derejeli tälimçiler üçin niýetlenen okuw maslahatynyň nazary sapaklary Aşgabatda, amaly-tehniki okuwlary bolsa Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçirildi.

Çäräniň esasy maksady gandbol tälimçileriniň hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmakdan ybarat boldy. Okuwlaryň dowamynda gatnaşyjylar gandbol oýnunyň häzirki zaman usullary, türgenleşik işlerini guramagyň nazary we amaly esaslary boýunça bilimlerini kämilleşdirdiler.

Atamyrat Geldimämmedow okuw maksatnamasyny üstünlikli tamamlamak we degişli synaglardan geçmek arkaly «IHF C-Licence» halkara şahadatnamasyna mynasyp boldy.