Madridiň «Real» topary 2026/2027-nji ýyllaryň futbol möwsüminde UEFA Çempionlar ligasynyň umumy tapgyrynyň bäş duşuşygyndan soň ähli oýunlarda ýeňiş gazanan ýeke-täk klub bolup galdy. Madridliler 15 utuk toplap, ýaryş tertibiniň birinji basgançagynda ýerleşýärler.
13 utuk bilen Fransiýanyň «Pari Sen-Žermen» topary ikinji orny eýeleýär. 12 utuk toplan Italiýanyň «Komo», Ispaniýanyň «Barselona» we «Betis», şeýle-de Angliýanyň «Liwerpul» toparlary ilkinji altylygy emele getirýär.
Göni 1/8 finala çykmaga mümkinçilik berýän ilkinji sekizlige «Arsenal» (11 utuk) we «Mançester Siti» (10 utuk) hem girýär.
Bäşinji tapgyryň iň garaşylmadyk netijeleriniň biri Mýunheniň «Bawariýasynyň» Fransiýanyň «Lill» toparyndan myhmançylykda 1:2 hasabynda utulmagy boldy. Bu netijeden soň nemes kluby 8 utuk bilen ýaryş tertibiniň 15-nji basgançagyna düşdi.
Çempionlar ligasynyň bäşinji tapgyrynyň ähli duşuşyklarynyň netijeleri:
«Galatasaraý» — «Aston Willa» — 1:0
«Budýo-Glimt» — «LASK» — 1:0
«Real Madrid» — «PSW» — 5:1
«RB Leýpsig» — «Lans» — 3:1
«Mançester Siti» — «Napoli» — 2:2
«Arsenal» — «Borussiýa» (Dortmund) — 1:1
«Komo» — «AEK Afiny» — 1:0
«Slowan» — «Betis» — 0:2
«Feýenoord» — «Portu» — 0:1
«Sabah» — «Barselona» — 1:4
«Slawiýa» (Praga) — «Wilýarreal» — 0:1
«Lill» — «Bawariýa» — 2:1
«PSŽ» — «Roma» — 2:2
«Brýugge» — «Liwerpul» — 0:3
«Inter» — «Ştutgart» — 2:0
«Sporting» — «Mançester Ýunaýted» — 2:2
«Atletiko» (Madrid) — «Wiking» — 2:0
«Şahtýor» — «Fenerbahçe» — 0:1
Ýaryşyň altynjy tapgyrynyň duşuşyklary 8-nji we 9-njy dekabrda geçiriler.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.