Ispaniýanyň «Barselona» futbol topary UEFA Çempionlar ligasynyň umumy tapgyrynyň çäklerinde Azerbaýjanyň «Sabah» topary bilen duşuşmak üçin Baku şäherine geldi. 25-nji noýabrda geçiriljek oýnuň göni ýaýlymy «Belet» platformasynda görkeziler. Bu barada «Oxu.Az» neşiri habar berýär.
Kataloniýa toparynyň uçary Geýdar Aliýew adyndaky Halkara howa menziline gondy. Futbolçylary howa menzilinde köp sanly janköýer garşylady.
Duşuşyk Baku şäherindäki Olimpiýa stadionynda geçiriler we Aşgabat wagty bilen sagat 22:45-de başlanar. Şol gün «Barselona» toparynyň U-19 ýaşlar düzümi hem «Sabah» toparynyň deň-duşlary bilen UEFA Ýaşlar ligasynyň çäklerinde duşuşar. Bu oýun Aşgabat wagty bilen sagat 16:00-da başlanar.
«Barselona» topary Çempionlar ligasynyň häzirki tapgyrynda dört duşuşyk geçirip, üç ýeňiş gazandy we bir gezek ýeňildi. Dokuz utuk toplan kataloniýalylar ýaryş tertibinde sekizinji orny eýeleýär. Topar «Feýenoordy» 5:1, «Galatasaraýy» 4:1 hasabynda ýeňdi. «Pari Sen-Žermen» bilen geçirilen duşuşykda 2:4 hasabynda ýeňildi. Soňky tapgyrda bolsa öz meýdançasynda «Aston Willany» 3:0 hasabynda utdy.
«Sabah» topary dört oýunda bir ýeňiş gazanyp, üç gezek ýeňildi. Üç utuk bilen Azerbaýjanyň topary ýaryş tertibinde 30-njy ýerde ýerleşýär. Topar «Mançester Ýunaýtede» 0:4 hasabynda ýeňildi, «Slawiýany» 2:0 hasabynda utdy, Dortmundyň «Borussiýasyndan» 1:2 hasabynda asgyn geldi. Soňky duşuşygynda bolsa «Wikingden» 1:4 hasabynda ýeňildi.
«Barselona» bilen «Sabah» toparlarynyň arasyndaky duşuşygyň göni ýaýlymyna Belet platformasy arkaly tomaşa edip bolar.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.