Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Halkara hyzmatdaşlyk bölüminiň müdiri Gülnabat Gurdowa 10–17-nji noýabr aralygynda ABŞ-nyň Miçigan ştatynda geçirilen halkara bilim maksatnamasyna gatnaşdy. Saparyň çäklerinde bilim edaralaryny dolandyrmakda strategik hyzmatdaşlyga we ýolbaşçylyk tejribesine bagyşlanan okuw maksatnamasy boýunça tejribe alyşdy. Bu çäre «Global Ties Detroit» guramasynyň gatnaşmagynda geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi saýty habar berýär.
Halkara maksatnama on döwletiň ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylaryny we bilim ulgamyny dolandyrmak boýunça hünärmenlerini bir ýere jemledi. Oňa Türkmenistanyň wekili bilen birlikde Özbegistanyň, Indoneziýanyň, Serbiýanyň, Bolgariýanyň, Meksikanyň, Filippinleriň, Ruandanyň, Pakistanyň hem-de Papua — Täze Gwineýanyň wekilleri gatnaşdylar.
Iş saparynyň dowamynda türkmen wekili Miçigan döwlet uniwersitetinde we Lorens tehnologik uniwersitetinde boldy. Ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary we professor-mugallymlary bilen geçirilen duşuşyklarda uniwersitetleri dolandyrmagyň häzirki zaman usullary, ylmyň we innowasiýalaryň ösüşi, şeýle hem ýokary okuw mekdepleriniň arasynda göni hyzmatdaşlygy ýola goýmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Daşary ýurt dillerini öwretmegiň usullary bilen tanyşmak hem maksatnamanyň esasy ugurlarynyň biri boldy. Şunuň bilen baglylykda, Ueýn etrabynyň jemgyýetçilik kollejleriniň ulgamyna baryldy. Ol ýerde iňlis dilini ikinji dil hökmünde öwretmegiň öňdebaryjy usullary, mugallymlaryň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak we okuw maksatnamalaryny halkara akkreditasiýadan geçirmek boýunça tejribeler öwrenildi.
Saparyň netijeleri türkmen we daşary ýurt ýokary okuw mekdepleriniň arasynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin täze mümkinçilikleri açýar. Öwrenilen tejribäniň Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim bermegiň hiline baha bermegiň döwrebap usullaryny ornaşdyrmaga, şeýle hem talyplar we mugallymlar üçin tejribe alyşmak hem-de akademiki alyş-çalyş maksatnamalaryny giňeltmäge ýardam bermegine garaşylýar.










Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.