«IT NOKADY» halkara IT akademiýasy dizaýn ugurlary boýunça täze okuwçylary kabul edip başlady. Okuw maksatnamasy döredijilik pikirlenişini ösdürmek, täze ideýalary durmuşa geçirmek we öz sanly taslamalaryny döretmek isleýänler üçin niýetlenendir.

Okuwlaryň dowamynda gatnaşyjylar häzirki zaman dizaýnynyň birnäçe ugry bilen tanyşyp, bu ugurda ulanylýan döwrebap gurallary özleşdirerler.

Grafiki dizaýn ugry boýunça okuwçylar reňkler, şriftler we kompozisiýa bilen işlemegiň usullaryny öwrenerler. Şeýle hem logotipleri, afişalary, illýustrasiýalary we beýleki döredijilik işlerini taýýarlamak endiklerini kämilleşdirerler.

UI/UX dizaýn okuwlarynda web sahypalary we ykjam goşundylar üçin ulanmaga amatly hem-de özüne çekiji interfeýsleri taslamak öwrediler. Gatnaşyjylar sahypalaryň gurluşyny düzmekden başlap, ulanyjylaryň amatlylygyny göz öňünde tutup, olaryň daşky görnüşini taýýarlamaga çenli bolan tapgyrlary öwrenerler.

Web dizaýn ugry boýunça saýta degişli bezeg çözgütlerini işläp düzmek, sazlaşykly maketleri taýýarlamak we web sahypalaryň dizaýnyny döretmek boýunça bilimler berler.

Blender programmasynda 3D dizaýn okuwlarynda bolsa üç ölçegli modelirlemegiň esaslary, göwrümli obýektleri döretmek, materiallar we ýagtylandyryş bilen işlemek, şeýle hem taslamalary wizual görnüşde şekillendirmek öwrediler.

Guramaçylaryň bellemegine görä, okuw maksatnamasy döredijilik we wizual pikirleniş ukyplaryny ösdürmäge, dizaýnyň dürli ugurlary boýunça amaly başarnyklary ele almaga hem-de öz taslamalaryny durmuşa geçirmäge mümkinçilik berýär.

Okuwlara kabul edişlik barada goşmaça maglumatlary aşakdaky telefon belgileri arkaly alyp bolýar:

  • +993 (63) 47-11-92

  • +993 (63) 42-67-51