
Türkmenistanyň wekiliýeti Pekin şäherinde geçirilen «Hoşboý ysly baýyrlar» (Fragrant Hills Tourism Summit 2026) atly halkara syýahatçylyk sammitine gatnaşdy. Syýahatçylyk şäherleriniň Bütindünýä Federasiýasynyň guramagynda geçen bu abraýly forum, dünýäniň dürli künjeklerinden syýahatçylyk pudagynyň hünärmenlerini we döwlet wekillerini bir ýere jemledi.
Sammitiň dowamynda dünýä syýahatçylygynyň ösüş ugurlary, hususan-da, hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmakda sanly tehnologiýalaryň we emeli aňyň (EA) ähmiýeti ara alnyp maslahatlaşyldy. Gatnaşyjylara robotlaşdyrylan ýolbeletler, akylly terjime ulgamlary we syýahatçylyk hyzmatlaryny kämilleşdirmäge gönükdirilen öňdebaryjy innowasion çözgütler tanyşdyryldy.
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Syýahatçylyk müdirliginiň başlygy A.Agamyradow sammitdäki çykyşynda Aşgabadyň 2020-nji ýylda Syýahatçylyk şäherleriniň Bütindünýä sanawyna girizilendigini belledi. «Aziýanyň merjeni» diýlip atlandyrylýan paýtagtymyzyň häzirki wagtda halkara forumlaryň we medeni-sport çäreleriniň merkezine öwrülendigini nygtap, şäheriň myhmanhana hem-de syýahatçylyk hyzmatlary boýunça dünýä ölçeglerine doly laýyk gelýändigini aýtdy.
A.Agamyradow ýurdumyzyň beýleki sebitleriniň hem halkara abraýyny ýokarlandyrmak boýunça işleriň alnyp barylýandygyny habar berdi. Hususan-da:
Türkmen wekiliýetiniň bu sammite gatnaşmagy ýurdumyzyň baý taryhy-medeni mirasyny dünýä tanatmak, halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we syýahatçylyk pudagyndaky öňdebaryjy tejribeleri milli ykdysadyýetimize ornaşdyrmak üçin täze mümkinçilikleri açdy.
Keywords