Türkmenistanyň sanlylaşdyrmak we ulag-logistika düzümini kämilleşdirmek strategiýasynyň alnyp barylýan işleriniň çäklerinde, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginde döwrebap 4G (LTE) aragatnaşyk ulgamy gurnalyp, ulanyşa berildi.
Bu täze düzümleýin taslama ýoluň ugrunda ýokary hilli mobil internet we durnukly aragatnaşyk hyzmatlaryny üpjün edip, ýolagçylar we sürüjiler üçin täze mümkinçilikleri açýar.
- Ýolagçylar bökdençsiz we ýokary hilli internet hyzmatyndan peýdalanyp bilerler.
- Ýol ugrunda nawigasiýa, onlaýn maglumat çeşmeleri we beýleki sanly hyzmatlar elýeterli bolar.
- Ýoluň ugrunda ýerleşýän dürli hyzmat ediş nokatlarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrar.
- Taslama Türkmenistanda iň täze tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Bu taslama diňe bir aragatnaşygy gowulandyrmak bilen çäklenmän, eýsem ýurdumyzyň sanly ykdysadyýetini ösdürmek we ilaty ýokary hilli internet bilen üpjün etmek baradaky döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine uly goşant goşýar.
4G ulgamynyň işe girizilmegi bilen, Aşgabat — Türkmenabat awtobany halkara ölçeglerine laýyk gelýän "akylly" ýollaryň birine öwrülýär.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.