
14-nji iýulda paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda Fransiýa Respublikasynyň Milli baýramy — Bastiliýanyň alynyş güni mynasybetli dabaraly kabul edişlik geçirildi. Oňa diplomatik korpusyň, işewür toparlaryň we Türkmenistanyň medeniýet ulgamynyň wekilleri gatnaşdylar. Ýurdumyzyň Hökümetiniň adyndan Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Nazar Agahanow hormatly myhman hökmünde gatnaşdy.
Ýygnananlary gutlap, Fransiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Filipp Merlen türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2025-nji ýylda Pariže amala aşyran resmi saparynyň hem-de Prezident Emmanuel Makron bilen geçirilen gepleşikleriň dowamynda tanyşdyrylan taslamalaryň çäginde öňdebaryjy fransuz kompaniýalarynyň türkmen hyzmatdaşlary bilen dinamiki özara hereket edýändiklerini aýratyn nygtady.
Bilelikdäki başlangyçlar Türkmenistan üçin strategiki ähmiýetli bolan telekommunikasiýa, milli howpsuzlyk, şähergurluşyk, energetika, suw serişdelerini tygşytlamak, şeýle-de oba hojalyk ekinlerine gözegçilik etmek we ýergurluşyk üçin kosmos maglumatlaryny ulanmak ýaly ugurlary öz içine alýar. Hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mysaly hökmünde, Ýewropa-Aziýa ugry boýunça yzygiderli ýük uçuşlaryny goldamak üçin Aşgabadyň Halkara howa menzilinde fransuz ulag kompaniýasy bolan «CMA-CGM»-iň hyzmat ediş nokadynyň açylmagyna garaşylýandygy bellenildi.
Iki taraplaýyn gatnaşyklarda ynsanperwerlik ulgamy, hususan-da, Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen ýakyn aragatnaşyklar möhüm orny eýeleýär. Fransiýanyň institutynyň goldawy bilen 20 müň töweregi türkmen okuwçysy we talyby fransuz dilini üstünlikli öwrenýär, ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky gatnaşyklar hem yzygiderli berkidilýär. Ýakyn wagtda Gawr-Normandiýa uniwersiteti bilen Türkmenistanyň birnäçe öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň arasynda hyzmatdaşlyk ylalaşyklaryna gol çekilmegine garaşylýar.
Mundan başga-da, ylmy gatnaşyklar, şol sanda Ulug-depe ýadygärliginde «MAFTUR» bilelikdäki ekspedisiýasynyň arheologik barlaglary we Köýtendagda «KRAC» assosiasiýasynyň speleologiýa taslamalary üstünlikli ösdürilýär.
Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Nazar Agahanow jogap çykyşynda Hökümetiň adyndan fransuz hyzmatdaşlaryna tüýs ýürekden gutlaglaryny ýetirdi we Fransiýanyň işewür toparlarynyň milli ykdysadyýetiň esasy pudaklaryny diwersifikasiýa etmekde we döwrebaplaşdyrmakda köpýyllyk goşandyna ýokary baha berdi.
«Buig» gurluşyk konserniniň ak mermerli Aşgabadyň döwrebap binagärlik keşbini emele getirmekdäki ähmiýetli orny, şeýle-de Türkmenistanyň ilkinji kosmos hemrasynyň taslamasynyň düzülmegi ýokary tehnologiýaly döwletara hyzmatdaşlygyň nusgalyk mysaly hökmünde bellenildi.
Ministr gatnaşyklary ösdürmek üçin geljegi uly ugurlary, şol sanda howa hereketini dolandyryş ulgamyny döwrebaplaşdyrmagy, ýer kadastryny kämilleşdirmegi, suw tygşytlaýjy öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmagy we nebitgaz pudagyny ekologik taýdan arassalamagy kesgitledi.
Türkmen tarapy, ýurdumyzyň Aziýa bilen Ýewropanyň arasyndaky möhüm ulag-logistika düwüni hökmünde amatly geografik ýerleşişini netijeli ulanmaga mümkinçilik berýän, Ýewropanyň «Global derweze» (Global Gateway) strategiýasynyň çäginde Transhazar ulag geçelgesini bilelikde ösdürmäge aýratyn üns berdi.
Dabaranyň resmi bölegi dostlukly kabul edişlige geçdi, onuň dowamynda myhmanlar Fransiýanyň nahar bişirmek däpleri bilen tanyşmaga, sazly maksatnama tomaşa etmäge we fransuz dilinde gürleşýänler bilen resmi däl ýagdaýda aragatnaşyk saklamaga mümkinçilik aldylar.
Keywords