Türkmenbaşy şäherinde iş gözleýän raýatlar bilen iş berijileriň arasynda göni aragatnaşyk ýola goýmak maksady bilen boş iş orunlarynyň şäher ýarmarkasy geçiriler.

Ýarmarka 18-nji sentýabr, anna güni, sagat 10:00-dan 12:00-a çenli Türkmenistanyň Nebitgaz gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň Medeni-sport toplumynda geçiriler.

Çärä şäheriň çäginde hereket edýän döwlet kärhanalarynyň we edaralarynyň, şeýle hem hususy telekeçileriň gatnaşmagyna garaşylýar. Iş berijiler özlerinde bar bolan boş iş orunlary barada maglumat berip, degişli hünärlere eýe bolan işgärleri saýlap bilerler.

Iş gözleýän raýatlara ýarmarka gatnaşmak üçin şahsyýetini tassyklaýan resminamasyny ýanlary bilen almak maslahat berilýär. Şeýle hem bar bolan halatynda zähmet depderçesini, bilim ýa-da hünär derejesini tassyklaýan resminamalaryny getirmek zerurdyr.

Ýarmarka gatnaşmak isleýän iş berijilerden öz kärhanalarynda bar bolan boş iş orunlary baradaky maglumatlary öňünden taýýarlamak talap edilýär.

Ýarmarka bilen bagly goşmaça maglumatlary (+993 243) 6-06-95 we 5-00-94 telefon belgileri arkaly alyp bolýar.