Türkmenistanyň we Owganystanyň Söwda-senagat edaralary hususy pudaklaryň arasynda göni işewürlik gatnaşyklaryny ösdürmäge gönükdirilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýär. Bu barada Türkmenistanyň Kabul şäherindäki ilçisi Hoja Öwezow bilen Owganystanyň Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçysy Seýit Kerim Haşeminiň arasynda geçirilen duşuşykda pikir alşyldy.

Duşuşykda iki ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmek, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de sebitleýin üstaşyr ulag ugurlarynyň mümkinçiliklerinden has netijeli peýdalanmak boýunça birnäçe meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gepleşikleriň dowamynda owgan işewürlerine 1–2-nji oktýabrda Aşgabat şäherinde geçiriljek Türkmenistanyň halkara maýa goýum forumyna — TIF 2026-a gatnaşmak üçin resmi çakylyk ýetirildi. Forumyň iki ýurduň hususy pudaklarynyň wekilleriniň arasynda täze işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmak we maýa goýum hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin möhüm meýdança bolmagyna garaşylýar.

Taraplar serhetýaka söwda we logistika infrastrukturasynyň netijeli işlemegine hem aýratyn üns berdiler. Owganystanyň Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçylygy Türkmenistanyň Owganystan bilen serhetdäki möhüm söwda-logistika merkezleri bolan Gorgundy (Hyrat welaýaty) we Akina (Faryap welaýaty) serhet geçelgeleriniň kadaly işleýändigini belledi.

Bu geçelgeler arkaly täjirçilik awtoulaglarynyň bökdençsiz hereket etmegi iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygyny artdyrmakda hem-de Türkmenistandan Günorta Aziýa ýurtlaryna tarap ýük gatnawlaryny ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedir.

Taraplaryň pikirine görä, serhet infrastrukturasynyň netijeli işlemegi we hususy pudaklaryň arasynda göni gatnaşyklary giňeltmek sebitdäki söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini açyp biler.