Türkmenistanyň wekiliýeti 7–9-njy sentýabrda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilen AIM Congress 2026 atly halkara kongresine gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berdi.

Kongresde Türkmenistanyň wekiliýetine Türkmenistanyň BAE-däki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi ýolbaşçylyk etdi. Wekiliýetiň düzümine Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň hem-de Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň wekilleri girdi.

«Global rowaçlygy täzeden gözden geçirmek: durnukly we inklýuziw geljek üçin täze maýa goýum ugurlaryny açmak» şygary astynda geçirilen 15-nji AIM Congress 2026 çäresine 191 döwletden we halkara guramalaryndan wekiller gatnaşdy. Kongresde döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary, halkara guramalaryň wekilleri we iri işewür toparlaryň ýolbaşçylary bir ýere jemlendi.

Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň wekiliýeti açylyş dabarasyna we maýa goýum hyzmatdaşlygy, ykdysady ösüş hem-de senagat syýasaty bilen bagly tematiki mejlislere gatnaşdy. Şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň Aziýa we Ýuwaş ummany üçin Ykdysady we durmuş komissiýasy bilen bilelikde guralan Merkezi Aziýa boýunça panel maslahatyna, maýa goýum meselelerine bagyşlanan ministrler derejesindäki tegelek stol duşuşygyna, şeýle hem erkin ykdysady zolaklar we senagat syýasaty boýunça mejlislere gatnaşdy.

Kongresiň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýetiniň maliýe edaralarynyň, kompaniýalaryň we maýa goýumlary çekmek boýunça ýöriteleşen guramalaryň wekilleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirildi. Duşuşyklarda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri boýunça pikir alşyldy.

Türkmenistanyň wekiliýeti kongresiň çäklerinde guralan sergi bilen hem tanyşdy.