
Ýakyn wagtda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň (BMG-Habitat) taslama edarasy açylyp biler.
«Trend» halkara habarlar agentliginiň mälim etmegine görä, bu baradaky meýilleri BMG-Habitatyň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça Sebitleýin edarasynyň direktory Irfan Ali aýan etdi. Ol Bütindünýä şäherler forumynyň çäginde guralan Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa forumynyň barşynda eden çykyşynda bu möhüm ädim barada durup geçdi.
Irfan Aliniň bellemegine görä, häzirki wagtda guramanyň sebitleýin edarasy Gündogar we Günorta Ýewropanyň, Günbatar Balkanyň, Kawkazyň, Merkezi Aziýanyň döwletlerini, şeýle hem Türkiýäni we Russiýany goşmak bilen, jemi 25 ýurdy öz içine alýar. Bu Sebitleýin edara BMG-niň beýleki agentlikleri bilen bir hatarda Stambul şäherinde (Türkiýe) ýerleşýär.
«Biziň eýýäm dört sany ýurtda — Kiýewde, Moskwada, Kosowoda we Bakuwda edaralarymyzy açmak boýunça ýörite maksatnamamyz bar. Gaty ýakyn wagtda Aşgabatda, Türkmenistanda hem taslama edaramyzyň açyljakdygyna uly umyt baglaýaryn» diýip, BMG-Habitatyň wekili nygtady.
Ýeri gelende ýatlasak, Türkmenistanyň wekiliýeti durnukly şäher gurluşygy we ekologiýa taýdan arassa ilatly nokatlary ösdürmek meselelerine bagyşlanan Bütindünýä şäherler forumyna işjeň gatnaşýar. Paýtagtymyzda täze edaranyň açylmagy ýurdumyz bilen BMG-niň arasyndaky köpşahaly hyzmatdaşlygy has-da berkitmäge täze badalga berer.
Keywords