
Aşgabat şäherinde koreý söweş sungatynyň ussatlaryny jemlän «Koreýa Respublikasynyň ilçisiniň Kubogy» ugrundaky taekwondo ýaryşlary özüniň jemleýji tapgyryna ýetdi. 13–14-nji iýun günlerinde geçirilen bu halkara sport çäresi ýurdumyzda sportuň, şol sanda milli taekwondo mekdebiniň ösüşine, şeýle-de iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň pugtalanmagyna uly goşant goşdy.
Bäsleşigiň açylyş dabarasynda çykyş eden Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Li Wonje, ýaryşyň sport ähmiýeti bilen bir hatarda, medeni diplomatiýadaky ornuny hem aýratyn belledi. Ilçi bu ýaryşyň koreý halkynyň gadymy söweş sungaty arkaly iki halkyň arasyndaky özara düşünişmegi çuňlaşdyrmakda we dostlugy berkidip, ýaş nesilleri sporty söýmäge çagyrýandygyny nygtady.
Ýaryşyň jemleýji tapgyry dabaraly baýrak gowşurylyş çäresi bilen tamamlandy. Bäsleşikde ussatlygyny we çalasynlygyny görkezip, ýeňiş gazanan türgenlere medallary we diplomlary Koreýa Respublikasynyň ilçisi jenap Li Wonje hut özi gowşurdy. Ýeňijilere ýörite ýadygärlik sowgatlarynyň gowşurylmagy, ýaş türgenler üçin ýatdan çykmajak pursada öwrüldi.
Bu ýaryş Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky sport hyzmatdaşlygynyň täze bir sahypasy bolup, ýurdumyzda taekwondo sportuna berilýän ünsüň we ýaşlaryň sagdyn durmuş ýörelgesine çekilmeginiň nobatdaky subutnamasy boldy.
Keywords