
2026-njy ýylyň 25-nji aprelinde paýtagtymyzda hukuk meseleleri boýunça raýatlaryň jemgyýetçilik kabul edişligi geçiriler. Bu çäre ilatyň hukuk sowatlylygyny ýokarlandyrmaga we dürli meseleler boýunça hünärmen maslahatlaryny almaga niýetlenendir.
Jemgyýetçilik kabul edişliginde ýurdumyzyň iň ýokary hukuk edaralarynyň wekilleri raýatlaryň sowallaryna jogap bererler. Olaryň hatarynda:
Kabul edişlik ir sagat 09:00-dan 12:00-a çenli dowam eder. Maslahat almak isleýän raýatlar aşakdaky salgy boýunça baryp bilerler:
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 150-nji jaý (Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň binasy).
Goşmaça maglumatlar we soraglar üçin şu telefon belgileri arkaly habarlaşyp bilersiňiz: 39-19-20, 39-19-21.
Şeýle çäreleriň yzygiderli guralmagy raýatlaryň öz hukuklaryny we borçlaryny has gowy öwrenmeklerine hem-de ýüze çykýan hukuk meselelerini kanun esasynda çözmeklerine giň mümkinçilik döredýär.
Keywords