
Aşgabatda doglan, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki meşhur derwezeçisi hem-de tejribeli hünärmen Witaliý Kafanow Moskwanyň SSKA futbol klubynyň tälimçiler ştabyna goşuldy. Bu barada «goşunlylaryň» köpçülikleýin habar beriş serişdeleri boýunça müdiri Kirill Breýdo «RIA Nowosti» agentligine beren beýanatynda habar berdi.
Mundan öň, duşenbe güni SSKA futbol kluby 39 ýaşly Dmitriý Igdisamowyň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenilendigini resmi taýdan mälim edipdi. Ýaş hünärmen bilen ýene iki ýyl uzaltmak mümkinçiligi bolan iki ýyllyk şertnama baglaşyldy. Igdisamow ozal Fabio Çelestini wezipesinden boşadylandan soň, wagtlaýyn baş tälimçiniň wezipesini ýerine ýetiripdi.
Klubyň resmi wekiliniň sözlerine görä, täze tälimçiler ştabynda Dmitriý Kramarenko we Igor Aksýonow öz işlerini öňki ýaly dowam etdirerler. Şeýle-de tälimçiler düzümine fiziki taýýarlyk boýunça hünärmen Petru Lezăresku, ýaşlar toparynda Igdisamowyň kömekçisi bolup işlän Denis Korostiçenko, Roman Adamow, ozal Wladimir Fedotowyň ştabynda zähmet çeken Myrat Iskakow hem-de derwezeçiler boýunça tejribeli tälimçi Witaliý Kafanow goşuldylar.
Häzirki wagtda Russiýanyň milli ýygyndysynda hem derwezeçiler boýunça tälimçilik wezipesini ýerine ýetirýän Witaliý Kafanow, 2019–2025-nji ýyllar aralygynda «Rostow» toparynda Waleriý Karpiniň ýakyndan kömekçisi bolup işläpdi. Ol mundan ozal Smolenskiniň «Kristall» we Kazanyň «Rubin» toparlarynda hem uly üstünlikleri gazandy. Kafanow «Rubin» topary bilen bilelikde iki gezek Russiýanyň çempiony bolmagy başardy, şeýle-de Gazagystanyň milli ýygyndysynda tälimçilik tejribesini geçdi.
Witaliý Kafanow professional futbolçy hökmünde Aşgabadyň rowaç «Kolhozçy» toparynyň düzüminde köp ýyllaryň dowamynda ynamly çykyş edipdi. Mundan başga-da, ol öz karýerasynda Saratowyň «Sokol», Swerdlowskiniň «Uralmaş» we Gazagystanyň «Kaýrat» toparlarynyň derwezesini gorady. Ol halkara derejesinde hem Gazagystanyň, hem-de Türkmenistanyň milli ýygyndylarynyň düzüminde meýdança çykan sanlyja oýunçylaryň biridir.
Keywords