
20-nji maýda, çarşenbe güni Angliýanyň “Aston Willa” futbol kluby 2025/26 möwsüminiň UEFA Ýewropa Ligasynyň ýeňijisi boldy. Stambulyň “Tüpraş” stadionynda geçirilen final oýnunda birmingemliler Germaniýanyň “Fraýburg” toparyny 3:0 hasabynda uly tapawut bilen ýeňmegi başardylar. Oýnuň birinji ýarymynyň ahyrynda, ýagny 41-nji minutda Ýuri Tilemans burçdan öwürilen topy derwezä girizip hasaby açdy, birinji ýaryma goşulan wagtda bolsa Emiliano Buendiýa toparynyň ikinji goluny urdy. Duşuşygyň 58-nji minutgynda Morgan Rojers urgy geçirip, oýnuň gutarnykly hasabyny kesgitledi.
Bu ýeňiş “Aston Willa” üçin soňky 44 ýyldaky iň uly Ýewropa üstünligi boldy — olar iň soňky gezek 1982-nji ýylda Ýewropa çempionlarynyň kubogynda “Bawariýany” utup kubok gazanypdylar. Şeýlelikde, Willa bu ýaryşda ýeňiş gazanan altynjy iňlis topary boldy. Ýarym finalda “Bragany” ýeňen “Fraýburg” bolsa taryhynda ilkinji gezek ýewrokubogyň finalynda oýnady. “Aston Willa” bolsa finala çykmak üçin “Nottingem Foresti” ýaryşdan çykarypdy.
Keywords