2026-njy ýylyň 20–27-nji noýabry aralygynda Gazagystanyň Türküstan şäherinde küşt boýunça türki döwletleriň ilkinji şahsy çempionaty geçirilýär. Türki küşt assosiasiýasynyň howandarlygynda guralýan bu ýaryşa Türkmenistanyň türgenleri hem gatnaşýarlar. Bu barada «Türkmenportal» neşiri habar berýär.
Çempionatda Azerbaýjandan, Wengriýadan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Türkmenistandan, Türkiýeden we Özbegistandan jemi 24 küştçi çykyş edýär. Ýaryş erkekleriň, zenanlaryň hem-de 50 ýaşdan ýokary türgenleriň arasynda üç kategoriýa boýunça geçirilýär.
Türkmenistan çempionatyň ähli üç kategoriýasynda wekilçilik edýär. Ýurdumyza wekilçilik edýän küştçüleriň arasynda:
FM Amanmuhammet Hommadow — erkekleriň ýaryşynda (FIDE reýtingi — 2395);
WFM Läle Şohoradowa — zenanlaryň ýaryşynda (2154);
IM Karen Grigorýan — 50 ýaşdan ýokary türgenleriň arasynda (2185).
Bu ýaryş türkmen küştçülerine nusgawy wagt gözegçiligi boýunça güýçli garşydaşlar bilen birnäçe tapgyrda bäsleşmäge mümkinçilik berýär. Maglumatlara görä, Amanmuhammet Hommadowyň garşydaşlarynyň ortaça reýtingi onuň görkezijisinden 123 utuk, Läle Şohoradowanyň garşydaşlarynyňky bolsa 113 utuk ýokarydyr.
Aýlaw görnüşinde geçirilýän ýaryşda her bir gatnaşyjy 14 partiýa oýnar. Erkekleriň bäsleşiginde dört grossmeýsteriň çykyş etmegine hem garaşylýar. Şeýle ulgam küştçilere bije çekişliginiň tötänleýin netijelerine bagly bolmazdan, güýçli garşydaşlar bilen yzygiderli oýnamaga şert döredýär.
Erkekleriň we zenanlaryň ýaryşlarynyň umumy baýrak gaznasy 40 million gazak tengesine deňdir.
Ýaryşyň gidişi we netijeleri bilen chess-results.com saýtynda tanşyp bolýar.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.