Balkanabat şäherindäki şaşka-küşt we sport dynç alyş merkezinde geçirilen Türkmenistanyň çempionatynda lebaply türgenler üstünlikli çykyş etdiler. Bu barada «Lebap.biz» saýty habar berýär.
Türkmenabat şäherinden telekeçi Farhat Arslanow 64 öýjükli şaşka boýunça erkekleriň arasynda Türkmenistanyň çempiony boldy. Şeýle-de ol 100 öýjükli şaşka boýunça geçirilen ýaryşda ikinji orny eýeläp, kümüş medala mynasyp boldy.
Türkmenabat şäheriniň 13-nji sport mekdebiniň şaşka boýunça tälimçisi Mahym Mätiýewa hem iki medal gazandy. Ol 100 öýjükli şaşka boýunça zenanlaryň arasynda ikinji, 64 öýjükli şaşka boýunça bolsa üçünji orny eýeledi.
Şeýle hem 64 öýjükli şaşka boýunça erkekleriň arasyndaky bäsleşikde Türkmenabat şäheriniň 13-nji sport mekdebiniň tälimçisi Gurban Jumaýew üçünji orna mynasyp boldy.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.