2026/27-nji möwsümiň Milletler ligasynyň çärýek finalynda Ispaniýanyň milli ýygyndysy Fransiýanyň ýygyndy topary bilen güýç synanyşar. Bu duşuşyklar Şweýsariýanyň Nýon şäherinde geçirilen bije çekişliginiň netijesinde kesgitlenildi.

Beýleki çärýek final duşuşyklarynda Norwegiýanyň ýygyndysy Angliýa, Niderlandlaryň milli topary Portugaliýa, Belgiýanyň ýygyndysy bolsa Germaniýa bilen duşuşar.

Çärýek finalyň ilkinji oýunlary 2027-nji ýylyň 25–27-nji marty aralygynda, jogap duşuşyklary bolsa 28–30-njy martda geçiriler.

Milletler ligasy 2018-nji ýyldan bäri geçirilip gelýär. Ýaryşyň öňki möwsüminiň ýeňijisi Portugaliýanyň milli ýygyndysy bolup durýar.