Russiýanyň Astrahan şäherinde noýabr aýynda «Demirgazyk — Günorta» halkara ulag geçelgesiniň ösüşine bagyşlanan IV halkara forumyň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Guramaçylar bu ýylky çäräniň halkara derejesini has-da giňeltmegi maksat edinýärler.

Forumyň çäklerinde gatnaşyjy ýurtlaryň sanyny 15-den 22-ä, wekilleriň sanyny bolsa 350-den gowrak adama ýetirmek göz öňünde tutulýar. Çärä Russiýa, Eýran, Gazagystan, Türkmenistan, Yrak, Owganystan, Türkiýe, Oman we Birleşen Arap Emirlikleri ýaly ýurtlaryň logistika kompaniýalarynyň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.

Halkara forumda «Demirgazyk — Günorta» ulag geçelgesiniň esasy ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylar. Şol sanda geçelgäniň günbatar, Hazarüsti we gündogar ugurlarynyň mümkinçiliklerini has netijeli peýdalanmak meselelerine aýratyn üns berler.

Duşuşyklarda portlaryň we demir ýollarynyň ýük geçiriş kuwwatyny ýokarlandyrmak, ulag-logistika infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak hem-de halkara ýük daşamalaryny çaltlandyrmak bilen bagly meseleler boýunça pikir alşylar.

Türkmenistan üçin «Demirgazyk — Günorta» halkara ulag geçelgesi möhüm ähmiýete eýe bolup, onuň ösdürilmegi ýurduň halkara ulag-logistika ulgamyndaky ornuny pugtalandyrmaga we täze söwda ugurlaryny ösdürmäge mümkinçilik berýär.

Astrahandaky forumyň sebit döwletleriniň logistika kompaniýalarynyň arasynda göni gatnaşyklary giňeltmek, üstaşyr ýük daşamalarynyň möçberini artdyrmak we ulag geçelgesiniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça täze başlangyçlara itergi bermegine garaşylýar.