Türkmenistanyň Milli syýahatçylyk zolagy bolan «Awazada» bäşinji nesil 5G ykjam aragatnaşyk ulgamy işe girizildi. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň öňüsyrasynda ornaşdyrylan ýokary tizlikli internet ulgamy halkara çäreleriniň dowamynda ulanyldy we häzirki wagtda hem deňiz kenaryndaky dynç alyş zolagyna gelýän myhmanlara hyzmat edýär.

5G tehnologiýasynyň ornaşdyrylmagy «Awazada» döwrebap telekommunikasiýa infrastrukturasyny ösdürmek we sanly hyzmatlaryň mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça alnyp barylýan işleriň bir bölegidir. Täze ulgam maglumatlary ýokary tizlikde geçirmek, internet birikmesiniň durnuklylygyny ýokarlandyrmak we häzirki zaman onlaýn hyzmatlaryndan peýdalanmak üçin goşmaça mümkinçilikleri döredýär.

Aragatnaşyk infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak we öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak işleri Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi tarapyndan amala aşyrylýar. Bu ugurda alnyp barylýan işler ýurduň dürli sebitlerinde sanly aragatnaşygyň mümkinçiliklerini giňeltmäge, hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga we ilatyň häzirki zaman tehnologiýalaryndan peýdalanmagy üçin şertleri döretmäge gönükdirilendir.

Halkara çäreleriniň tamamlanmagyna garamazdan, 5G ulgamy «Awazada» işlemegini dowam etdirýär. Bu bolsa dynç alýanlara ýokary tizlikli ykjam internetden peýdalanmaga, sanly hyzmatlary ulanmaga, ýakynlary bilen aragatnaşyk saklamaga we syýahatdan alan täsirlerini paýlaşmaga mümkinçilik berýär.

Bäşinji nesil aragatnaşyk ulgamynyň işe girizilmegi «Awazanyň» diňe bir halkara çärelerini geçirmek üçin niýetlenen meýdança hökmünde däl, eýsem, döwrebap sanly infrastruktura bilen üpjün edilen syýahatçylyk zolagy hökmünde hem ösdürilmegine goşant goşýar.

Ýurtda sanly ykdysadyýeti ösdürmek, aragatnaşyk ulgamyny döwrebaplaşdyrmak we öňdebaryjy tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe sürýän başlangyçlary esasynda amala aşyrylýar.