
Aşgabatda geçirilen Türkmen-awstriýa bilelikdäki ykdysady toparynyň 13-nji mejlisiniň çäginde, Awstriýanyň «Gertner Group» kompaniýasynyň ýolbaşçylary türkmen tarapy bilen özara gatnaşyklary ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.
Kompaniýanyň baş direktory Aleksandr Matsingeriň bellemegine görä, geçirilen duşuşyklar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmak üçin giň mümkinçilikleri açýar. Hususan-da, senagat pudagynda hem-de tehnologiýalary geçirmek boýunça bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge uly üns berilýär.
Aleksandr Matsinger kompaniýanyň häzirki wagtda senagat we gurluşyk materiallary ugry boýunça hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny hödürleändigini mälim etdi. Şeýle hem taraplar ykdysady gatnaşyklardan başga-da, syýahatçylyk we medeniýet ulgamyndaky hyzmatdaşlyk meselelerine seredip geçdiler.
Awstriýaly işewür türkmen paýtagty Aşgabadyň özboluşly binagärlik keşbini ýokary bahalandyryp, iki ýurduň arasyndaky taryhy köklere daýanýan medeni gatnaşyklaryň mundan beýläk-de berkemegine umyt bildirdi. «Gertner Group» kompaniýasynyň ýolbaşçysy geljekde bilelikdäki işleriň netijeli boljakdygyna ynam bildirip, özara bähbitli gatnaşyklary dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassyklady.
Keywords