
Ýürek hakda söz açylanda, ony janly-jandarlaryň ýaşaýşy bilen baglaýan möhüm agza hökmünde kabul edýäris. Ýürek adamyň, janly-jandarlaryň organlarynyň arasynda iň möhüm ähmiýete eýe bolşy ýaly, bu awtoulaglarda-da şeýledir. Eýsem, siz awtoulaglaryň hem ýüreginiň bardygyny bilýärdiňizmi? Elbetde, ol ulaglaryň energiýa güýji hasaplanýan akkumulýatorlardyr. Awtoulaglaryň akkumulýatorlary saz bolanda, ulaglaryň hereketi hem şoňa görä bolýar.
Biz Amul Info redaksiýasynyň şu gezekki sanynda awtoulaglaryň ýüregini öndürýän hojalyk jemgyýeti barada giňişleýin gürrüň etmekçi. Ol Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Kökçi» hojalyk jemgyýetidir.
Soňky ýyllarda ýurdumyzda senagat pudagynda durnukly ösüşler gazanylýar. Häzirki wagtda ýerli telekeçiler tarapyndan dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply, ýokary hilli önümleriň görnüşleri gitdigiçe artýar.
Taýýar önümler diňe bir ýurduň çäginde däl, eýsem, daşarky bazarlarda hem uly islegden peýdalanýar. Bu bolsa öndürilýän önümleriň ýokary hillidigini görkezýär. Häzirki döwür telekeçilik işiniň işjeň ösýän, onuň mundan beýläk-de kämilleşmegi üçin amatly şertleriň döredilýän wagtydyr.
Şol mümkinçilikleriň netijesinde 2014-nji ýylda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde esaslandyrylan «Kökçi» hojalyk jemgyýeti ýeňil we ýük ulaglary üçin niýetlenen akkumulýatorlaryň önümçiligini alyp barýar. Kärhanada 200-den gowrak hünärmen zähmet çekýär.
Kärhanada Russiýa Federasiýasynyň, Germaniýanyň, Hytaýyň, Türkiýäniň, Hindistanyň, Ýaponiýanyň ýokary hilli tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan gurşuny gaýtadan işleýän bölümler, gurşun önümlerini öndürýän sehler hem-de barlaghana hereket edýär.
Önümçilik tapgyrma-tapgyr amala aşyrylyp, taýýar önümleriň ýokary hilli we kuwwatly bolmagy üçin ähli şertler döredilendir. Ilki bilen köne akkumulýatorlardaky gurşun ýokary gyzgynlykdaky peçlerde eredilip, arassalanýar.
Gaýtadan işlenen gurşundan plastinalar taýýarlanylýar. Olara plastinalaryň elektrik aýratynlyklaryny üpjün etmek üçin ýörite palçyk çalynýar we olar ýörite peçlerde guradylýar. Soňra plastinalar kesilip, ýöriteleşdirilen bölümde kuwwatlandyrylýar. Bu tapgyr 24 sagatdan 35 sagada çenli dowam edýär.
Kuwwatlandyrylan taýýar akkumulýatorlar barlaghanada synagdan geçirilip, polietilen gaplara ýerleşdirilýär we taýýar görnüşe getirilýär. Polietilen gaplar Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy tarapyndan taýýarlanylýar.
Kärhanada 55 sagatdan 255 sagat amper-deň kuwwata eýe bolan akkumulýatorlaryň 7 görnüşi öndürilýär. Olar «Kuwwat», «Ýyldyrym», «TM Power» haryt nyşanlary bilen bazara çykarylýar. 2025-nji ýylyň jemlerine görä, kärhanada 100 müňden gowrak akkumulýator öndürildi.
Işjanly hünärmenler önümçilik kuwwatyny ýokarlandyrmagy maksat edinýärler. Häzirki wagtda kärhanada 200-den gowrak hünärmen zähmet çekýär.
Önümler diňe bir içerki bazarlarda däl, eýsem, daşarky bazarlara hem ugradylýar. Häzirki wagtda «Kökçi» hojalyk jemgyýetiniň önümleri Italiýa, Azerbaýjana we Ermenistana eksport edilýär. Akkumulýatorlar 12 aý kepillik bilen satuwa çykarylýar. Şeýle-de söwda nokatlarynda eltip bermek hyzmaty ýola goýlandyr.
«Kökçi» hojalyk jemgyýeti 2026-njy ýylda aýlyk önümçiligi 20 müňe ýetirmegi maksat edinýär.
Keywords