2026-njy ýylyň 15-nji noýabryna geçilýän gije dünýäniň iň meşhur kriptowalýutasy bolan bitkoiniň bahasy bir gije-gündiziň dowamynda takmynan 6 göterim arzanlap, 65 müň amerikan dollaryndan aşak düşdi. Bu barada «RIA Nowosti» söwda maglumatlaryna salgylanyp habar berýär.
Kriptowalýutalaryň söwda möçberi boýunça iň iri platformalarynyň biri bolan Binance biržasynda Moskwa wagty bilen sagat 00:03-de bitkoiniň bahasy soňky 24 sagadyň dowamynda 5,9 göterim pese gaçyp, 64 670,13 dollara deň boldy.
Şeýlelikde, ilkinji kriptowalýutanyň bahasy 2026-njy ýylyň 19-njy awgustyndan bäri ilkinji gezek 65 müň dollarlyk çäkden aşak düşdi.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.