Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Başlygy Sahiba Gafarowanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň we 61-nji umumy mejlisiniň işine gatnaşmak üçin 18-nji noýabrda Türkmenistana geldi. Bu barada «Atavatan Türkmenistan» neşiri Milli Mejlisiň metbugat we jemgyýetçilik bilen aragatnaşyk bölüminiň maglumatlaryna salgylanyp habar berýär.

Türkmenbaşynyň halkara howa menzilinde Sahiba Gafarowany Türkmenistanyň Mejlisiniň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň başlygy Baýramgözel Myradowa, GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň Baş sekretary Dmitriý Kobitskiý, Azerbaýjanyň Türkmenistandaky ilçisi Gismet Gözalow, Milli Mejlisiň GDA-nyň Parlamentara Assambleýasyndaky ygtyýarly wekili Aýdyn Jafarow hem-de beýleki resmi adamlar garşyladylar.