2026-njy ýylyň 16-njy noýabrynda içerki bazarda geçirilen birža söwdalarynda ýerli telekeçiler birnäçe önüm boýunça geleşik baglaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň resmi maglumatynda habar berilýär.

Söwdalaryň dowamynda telekeçiler «Türkmennebit» döwlet konserninden «TPP D 30 S» kysymly polipropileni, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginden bolsa «Berzeňňi» bejeriş-içiş maksatly gazlandyrylan mineral suwuny hem-de witaminleşdirilen alkogolsyz gazlandyrylan «Witamin» içgisini satyn almak boýunça şertnamalary baglaşdylar.

Geçirilen söwdalarda umumy bahasy 11 million 114 müň 795 manat 75 teňňä deň bolan üç geleşik hasaba alyndy.